Глобальный сбой Windows затронул авиаперевозки, банки, медиа, и даже «МЮ»

  • 19.07.2024 23:07
  • 4.1k+

CrowdStrike kompaniýasynyň kiberhowpsuzlyk üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmegi sebäpli ýüze çykan Windows operasion ulgamynyň işindäki global bökdençlik dünýädäki kompaniýalaryň işinde düýpli näsazlyklara getirdi. Bu barada TASS habar berýär.

19-njy iýulda awiakompaniýalar, banklar, media kompaniýalary we beýleki hyzmatlar Windows gurluşlarynyň işi bilen bagly näsazlyklar barada habar berdiler. Dünýäniň köp ýurtlarynyň howa menzillerinde uçuşlar togtadyldy, ýolagçylar hasaba alyşda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bütin dünýäde 1000-den gowrak gatnaw ýatyryldy. Turkish Airlines petekleri bronlamak we uçuşlar üçin hasaba almak bilen bagly kynçylyklary başdan geçirdi. Air France, Lufthansa, SAS awiakompaniýalary hem dürli tehniki näsazlyklar barada habar berdiler.
Bu bökdençlik banklaryň, hassahanalaryň, poçta hyzmatlarynyň we beýleki guramalaryň işine-de täsirini ýetirdi.
Näsazlygyň sebäbi CrowdStrike Falcon täzelenmesindäki ýalňyşlyk boldy, ol gurnalan enjamlarynda we serwerlerinde “mawy ölüm ekrany” (BSOD) diýlip atlandyrylýan habaryň peýda bolmagyna getirýär. Netijede, enjamlar we serwerler “tordan aýrylýar we tükeniksiz gaýtadan işe girizmek sikline geçýär”.
Bökdençlik birnäçe ýurtlara, şol sanda Beýik Britaniýa, Niderlandlara, Fransiýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Ukraina, Ýaponiýa we Hindistana täsirini ýetirdi.
Beýik Britaniýada Sky News telekanalynyň gepleşigi göni ýaýlymda togtadyldy. Bökdençlik Londonyň fond biržasyna-da az-kem täsir etdi. Ýurtda banklaryň, dükanlaryň işinde näsazlyklar ýüze çykdy. Lukmançylyk edaralarynyň hassalary hem lukman üçin kabul edişlige ýazylyp bilmeýärler diýip, BBC habar berýär. Şeýle-de, kafelerde we restoranlarda myhmanlar kart arkaly töläp bilmeýärler.
Bu global bökdençlikden “Mançester Ýunaýted” hem zyýan çekdi. Iňlis futbol kluby X sosial ulgamyndaky akkauntynda häzirki wagtda klubuň saýtynyň açylmaýandygyny we oýunlar üçin petek satuwynyň hem wagtlaýyn togtadylandygyny habar berdi.
Näsazlyk Pariždäki Olimpiada-2024-üň guramaçylyk komitetiniň maglumat ulgamynyň işine-de zyýan ýetirdi diýip, komitetiň beýanyna salgylanyp, Le Parisien gazeti habar berýär.
Ermenistandan we Moldawiýadan başga (bu ýerlerde Ýewropa awiagatnawlar gijikdirildi) GDA ýurtlarynda näsazlyk hasaba alynmady. 
CrowdStrike kompaniýasynyň baş müdiri Jorj Kurs näsazlygyň “ýüze çykarylandygyny, izolirlenendigini we düzedilendigini” aýtdy. Onuň sözlerine görä, kompaniýa näsazlykdan zyýan çeken müşderiler bilen “işjeň işleýär”. Şeýle-de, ol iş bozulmalarynyň “howpsuzlyk hadysasy” ýa-da kiberhüjüm bilen baglanyşykly däldigini aýtdy.
Bökdençlikden soň CrowdStrike kompaniýasynyň paýnamalary 16,5% pese gaçdy we CrowdStrike bazar bahasyndan 13,77 mlrd dollar ýitirdi. NASDAQ biržasyndaky söwda maglumatlaryna görä, Microsoft-yň paýnamalary 3,15% peseldi.


вчера 20:17
5.2k+

В Юте почти неделю борются с крупным лесным пожаром

В американском штате Юта уже пятый день продолжается тушение крупного лесного пожара. В ликвидации возгорания участвуют более тысячи пожарных, сообщил телеканал ABC News....

25.06.2026 12:37
7.5k+

Два мощных землетрясения произошли в Венесуэле

В Венесуэле 24 июня произошли два сильных землетрясения магнитудой 7,2 и 7,5, вызвавшие разрушения в Каракасе и других районах страны. Власти объявили чрезвычайное положение. Официальные данные о погибших и......

24.06.2026 18:53
12k+

Когда стихия переписывает историю: 5 природных катастроф, изменивших мир

Природные катастрофы традиционно ассоциируются с масштабными разрушениями. Однако история показывает, что некоторые из них способны на большее — они могут менять вектор развития человечества....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Сейсмологи: Землетрясение 2011 года сдвинуло Японию на 6 мм на восток

Международная группа сейсмологов обнаружила ранее неизвестный науке эффект, вызванный Великим восточно-японским землетрясением 2011 года. Исследование американских и французских ученых, опубликованное в......