Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy

  • 21.11.2025 23:45
  • 6.1k+

Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanyp, Telegraph gazeti habar berdi.

Gazetiň maglumatlaryna görä, bürünç asyrynyň birnäçe özboluşly predmetleri Keramatly Fagan galasynyň çägindäki Milli taryh muzeýiniň baş edarasyndaky witrinadan ogurlandy. Ýiten predmetleriň arasynda Pouis sebitinden orta bürünç asyrynyň dört altyn bilezigi we Gwined sebitinden monjuk hökmünde dakylýan altyndan ýarymaý şekilli bezeg önümi bar.
Mundan başga-da, polisiýa Karmartenşir sebitinden orta bürünç asyrynyň bäş altyn predmetini we Pouisden orta bürünç asyrynyň üç altyn predmetini gözleýär.
Hukuk goraýjylar derňew işleriniň dowamynda 45 ýaşly bir aýalyň tussag edilendigini, soňra goýberilendigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Kardiffdäki muzeý 1948-nji ýyldan bäri işleýär. 


24.02.2026 10:49
12k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

30.12.2022 07:49
43k+

Futbol ýyldyzy Pele aradan çykdy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça üç gezek dünýä çempiony Pele 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada onuň gyzy Kelli Nasimentu özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. Muny TASS ýetirýär...

25.01.2022 14:57
16k+

Afrikanyň Kubogynda Kamerun — Komor adalary duşuşygynyň öň ýanynda basgydan 7 adam aradan çykdy

Afrikanyň Kubogynyň 1/8 final tapgyrynda Kamerun bilen Komor adalarynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygynyň öň ýanynda stadionyň golaýynda basgy emele geldi, netijede azyndan ýedi adam aradan çykdy. Bu...

26.02.2026 16:54
4.7k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...