Afrikanyň Kubogynda Kamerun — Komor adalary duşuşygynyň öň ýanynda basgydan 7 adam aradan çykdy

  • 25.01.2022 14:57
  • 16k+

Afrikanyň Kubogynyň 1/8 final tapgyrynda Kamerun bilen Komor adalarynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygynyň öň ýanynda stadionyň golaýynda basgy emele geldi, netijede azyndan ýedi adam aradan çykdy. Bu barada Sports.ru LSI Africa salgylanyp habar berýär.

Gorag gullugy stadiona girmek islän janköýerleriň köplügini saklap bilmedi. Dykyn netijesinde käbir adamlar ýykyldy, beýlekileri olaryň üstünden basalady.
Associated Press-iň žurnalisti Rob Harris azyndan 6 adamyň aradan çykandygyny habar berýär.
Milli ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk kamerunlylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Koronawirus ýaýrawy hem-de şikes sebäpli Komor adalarynyň düzüminde üç derwezebanyň üçüsi hem çykyş edip bilmändi, şonuň üçin derwezäni goragçylaryň biri — Şaker Al-Hadur goramaly boldy.
Al-Hadur duşuşygyň dowamynda derwezä depilen 6 urgynyň 4-sini yzyna gaýtardy.
Şol bir wagtda Komor adalarynyň oýunçylary on bolup oýnadylar. 7-nji minutda milli ýygyndynyň kapitany Najim Abdu garşydaşynyň aýagyna basyp, gyzyl duýduryş aldy.


24.02.2026 10:49
12k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

21.11.2025 23:45
6.1k+

Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy

Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanyp, Telegraph gazeti habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, bürünç asyrynyň birnäçe özboluşly predmetleri Keramatly Fagan galasynyň çägindäki Milli taryh muzeýiniň baş edarasyndaky witrinadan ogurlandy...

30.12.2022 07:49
43k+

Futbol ýyldyzy Pele aradan çykdy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça üç gezek dünýä çempiony Pele 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada onuň gyzy Kelli Nasimentu özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. Muny TASS ýetirýär...

26.02.2026 16:54
4.8k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...