Futbol ýyldyzy Pele aradan çykdy

  • 30.12.2022 07:49
  • 43k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde futbol boýunça üç gezek dünýä çempiony Pele 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada onuň gyzy Kelli Nasimentu özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Biz seni çäksiz söýýäris. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” – diýlip, habarda aýdylýar. “Albert Eýnşteýn” klinikasynyň resmi býulleteninde ölümiň sebäbiniň “ýogyn içegäniň rak keseliniň otrisatel dinamikasy netijesinde organlaryň işlemegi bes etmeginiň bolandygy” bellenilýär.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Pele ýogyn içegedäki çişi aýyrmak üçin operasiýa geçirdi. 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda ol hassahana düşdi. 22-nji dekabrda lukmanlar Peläniň onkologiýa keseliniň otrisatel dinamikasyny başdan geçirýändigini habar berdiler.
Pele (hakyky ady – Edson Arantis du Nasimentu) Braziliýanyň “Santos” we “Nýu-Ýork Kosmos” amerikan klubunyň düzüminde 1956-njy ýyldan 1977-nji ýyllar aralygynda professional derejede çykyş etdi, “Santos” bilen bilelikde Braziliýanyň Kubogynyň bäş gezek eýesi boldy, iki gezek Libertadores kubogyny we Kontinentara kubogyny gazandy. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Pele oýunçy hökmünde ýeke-täk üç gezek dünýä çempiony boldy (1958, 1962, 1970). Ol karýerasy üçin 1 279 goluň awtory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şeýle-de, 1999-njy ýylda Halkara Olimpiýa Komiteti Peläni hiç wagt Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmandygyna garamazdan ýüzýyllygyň iň gowy türgeni diýip ykrar etdi. Ol Latyn Amerikasynyň territoriýasynda Olimpiýa alawyny göteren ilkinji adam boldy. Bu 2004-nji ýylda, Afinadaky Oýunlaryň öňüsyrasynda bolup geçdi.


25.02.2026 16:04
11k+

Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy...

24.02.2026 10:49
12k+

Futbolçy meýdançada top degen çarlagyň ýüregini owkalap, onuň janyny halas etdi

Geçen ýekşenbe güni Stambulyň stadionynda çempionlyk titulyndan hem ähmiýetli bir waka ýüze çykdy. Birinji höwesjeňler ligasynyň finalynda «Istanbul Ýurdum Spor» we «Mewlanakapy Güzelhisar» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşykda uçup barýarka top degen çarlak halas edildi...

17.12.2025 09:17
12k+

Braziliýada tupan wagty Azatlyk heýkeliniň birnäçe metrlik nusgasy ýykyldy

Braziliýanyň Guaýba şäherinde (Riu-Grandi-du-Sul ştaty) Havan uniwermagynyň öňünde oturdylan Azatlyk heýkeliniň 35 metrlik nusgasy ýykyldy. Waka 15-nji dekabrda güýçli tupan wagty bolup geçdi. G1 neşiriniň şäher häkimi Marselo Maranata salgylanyp habar bermegine görä, ýadygärligiň 24 metrlik ýokarky bölegi ýumruldy...

21.11.2025 23:45
6.1k+

Uelsdäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy

Uelsiň paýtagty Kardiff şäherindäki muzeýden bürünç asyrynyň altyn şaý-sepleri ogurlandy. Bu barada ýerli polisiýa salgylanyp, Telegraph gazeti habar berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, bürünç asyrynyň birnäçe özboluşly predmetleri Keramatly Fagan galasynyň çägindäki Milli taryh muzeýiniň baş edarasyndaky witrinadan ogurlandy...