Suwda ýüzmekde iki Olimpiýa rekordy täzelendi

  • 31.07.2024 14:54
  • 1.6k+

30-njy iýulda Parižde geçirilýän 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda erkin usulda 800 metre we zenanlaryň arasynda arkanlygyna 100 metre ýüzüşde täze Olimpiýa rekordlary goýuldy.

Irlandiýaly Deniel Wiffen 800 metr aralyga ýüzmekde 7:38,19 wagty görkezip, ýeňiji boldy. Ol 2020-nji ýylda Tokioda geçirilen Oýunlarda ukrainaly Mihail Romançuk tarapyndan goýlan öňki Olimpiýa rekordyny (7:41,28) täzeledi.
Zenanlaryň arasynda 100 metre arkanlygyna ýüzüşde altyn medaly awstraliýaly Keýli Makkion aldy, ol 57,33 sekunt wagty görkezip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Türgen ýüzüşde dünýäniň häzirki rekord eýesi amerikaly Regan Smitden (onuň netijesi - 57,66) öňe geçdi.


düýn 23:43
4.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....