Türkmenistanly suwda ýüzüji Musa Žalaýew Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady

  • 30.07.2024 16:14
  • 6.4k+

Türkmenistanly suwda ýüzüji Musa Žalaýew Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda çykyşyny tamamlady.

Erkin usulda 100 metr aralyga kwalifikasion ýüzüşde 21 ýaşly türgen 52.29 sekunt wagty görkezdi. Bu netije ýarym finala çykmaga hukuk berýän iň gowy ýüzüjileriň 16-lygyna girmäge ýeterlik bolmady.
Saýlama ýaryşynda iň gowy wagty amerikaly Aleksi Jek görkezdi (47.57 sekunt).
Musa Žalaýew Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby, birnäçe dissiplinada ýurduň rekord eýesidir. Onuň iň gowy netijeleri: 800 metre erkin usulda – 9:19,15 (2021), 50 metre batterflýaý – 25,50 (2021), 100 metre erkin usulda – 51,63 (2023).


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......