61 ýaşly türgen Olimpiadada ýaş rekordyny goýdy

  • 30.07.2024 13:45
  • 3.6k+

Stol tennisinde çykyş edýän Lýuksemburgdan 61 ýaşly Ni Sýalýan Parižde dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda ýaş rekordyny goýdy.

Sýalýan stol tennisi boýunça ýaryşyň ikinji tapgyrynda 31 ýaşly türkiýeli türgen Sibel Altynkaýany utdy. Oýun 49 minut dowam edip, Sýalýanyň peýdasyna 4-2 hasabynda tamamlandy.
Şeýlelikde, Sýalýan Olimpiadadaky oýunda ýeňiş gazanmagy başaran stol tennisi boýunça iň uly ýaşly oýunçy boldy.
Ni Sýalýanyň asly Hytaýdan we ol tomusky Olimpiýa oýunlaryna altynjy gezek gatnaşýar. Onuň hasabynda 1983-nji ýylyň dünýä çempionatynda toparda we mikstde iki altyn medal, şeýle-de 1998-nji we 2002-nji ýyllaryň Ýewropa çempionatlarynda üç altyn medal bar.
Stol tennisi boýunça ýaryş 10-njy awgustda tamamlanar, şol gün zenanlaryň arasynda üçünji ýer ugrunda we final oýunlary geçiriler. Erkekler baýrak üçin bir gün öň bäsleşerler.  


düýn 23:43
4.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....