Türkmenistanda Kärdeşler arkalaşyklaryna we Zenanlar birleşigine täze başlyk saýlanyldy

  • 30.07.2024 10:54
  • 3.7k+

29-njy iýulda Aşgabatda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewanyň, başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň täze ýolbaşçysyny saýlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bu wezipä birnäçe dalaşgär hödürlenilip, olaryň her biriniň hünär, guramaçylyk we beýleki ukyp-başarnyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ses bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine O.Berdiliýewa biragyzdan saýlanyldy. Bu barada degişli kararlar kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewany Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda degişli kararlary tassyklady.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....