Maýsa Pardaýewa we Aýnura Primowa 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryny tamamladylar

  • 29.07.2024 16:24
  • 9.9k+

Şu gün türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ol ýaryşlaryň birinji tapgyrynda halkara ýaryşlarynyň bürünç medalynyň eýesi hytaýly Saý Siden üstün çykdy. Ýöne 1/8 finalda Pardaýewa dünýä reýtinginde dördünji orny eýeleýän braziliýaly dzýudoçy Rafaela Silwadan ýeňildi. 

Bu türkmen dzýudoçylarynyň braziliýaly türgenlerden yzygider ikinji gezek ýeňilmegi boldy. Düýn 66 kg çenli agram derejesinde Serdar Rahymow hem 1/8 finalda Braziliýanyň wekili Willian Limadan ýeňildi. Netijede, Lima finala çykdy we ýaponiýaly Hifumi Abeden ýeňlip, Oýunlaryň kümüş medalynyň eýesi boldy.
Türkmen ýüzüjisi Aýnura Primowa hem Olimpiadadaky çykyşyny tamamlady. Ol 100 metr aralyga arkanlygyna kwalifikasion ýüzüşde 1:10.17 netijäni görkezip, ýarym finala çykyp bilmedi.
Olimpiadanyň 17 ýaşly gatnaşyjysy umumy sanawda 35-nji orny eýeledi.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......