“Dedpul we Rosomaha” prokata üstünlikli başlady: ilkinji günde $96 mln gazandy

  • 29.07.2024 14:43
  • 2.2k+

Baş keşpleri Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekmanyň ýerine ýetirmeginde “Dedpul we Rosomaha” filmi prokata rekord girdeji bilen başlady. ABŞ-da prokatyň birinji güni film 96 mln dollar ýygnap, 2024-nji ýylda çykan “Tapmaça 2-den” ($62 mln) we beýleki kartinalardan öňe geçdi diýip, Variety ýazýar.

“Dedpul 3” “18+” reýtingli film üçin ilkinji gündäki girdeji ýygymy boýunça täze rekord goýdy, ol ilkinji iki “Dedpuldan”, “Ol” (Оно) we “Joker” filmlerinden öňe geçdi. Lentanyň ilkinji uik-endde 200 mln dollar ýygnajakdygy çaklanylýar, bu hem ýokary reýtingli filmler üçin rekord görkeziji bolup biler.
“Dedpul” we “Rosomaha” “Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň döwründen bäri kinoteatrlarda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnajak ilkinji Marvel filmi bolar diýlip çaklanylýar.
Täze filmiň üstünlikli başlangyjy netijesinde, Marvel Studios-yň kino önüminiň umumy ýygymy 30 mlrd dollardan geçip, bu görkezijä ýeten taryhda ilkinji franşiza boldy.
Girdeji ýygymy boýunça ikinji orny “Möý adam” eýeleýär. Franşizanyň hukuklaryna Sony-nyň eýeçilik edýändigi üçin ol aýratyn hasaplanýar. Sekiz film bilen franşiza 10,61 mlrd dollar gazandy.

Iň girdejili kinofranşizalar:

  1. Marvel kinoälemi - $30 mlrd;
  2. “Möý adam” (Человек-паук) - $10,61 mlrd;
  3. “Ýyldyz söweşijileri” (Звёздные войны) - $10,34 mlrd;
  4. “Garri Potter” - $9,66 mlrd;
  5. “Jeýms Bond” - $7,84 mlrd;
  6. “Forsaž” - $7,33 mlrd
  7. DC filmleriniň ählisi - $7,19 mlrd
  8. “Betmen” - $6,84 mlrd
  9. “X adamlar” (Люди икс) - $6,08 mlrd
  10. “Ýura döwrüniň seýilgähi” (Парк Юрского периода) - $6,01 mlrd

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....