Italiýadaky Appiý ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy

  • 29.07.2024 14:38
  • 2.1k+

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Nýu-Delide geçen sessiýasynda Italiýadaky Appiý ýoly Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu abraýly sanawa goşulan Italiýanyň çäginde ýerleşýän 60-njy obýektdir diýip, TASS habar berýär.

B.e.öň 312-nji ýylda Appiý Klawdiý Sekiň buýrugy bilen gurlan Appiý ýoly öz döwrüniň ösen inženerlik gurluşygy boldy. Ol Rime öz çägini giňeltmäge mümkinçilik berdi, soňra Rimi Gresiýa, Müsür we Kiçi Aziýa bilen birleşdirýän möhüm söwda ýoluna öwrüldi.
Appiý ýolunyň ugry Italiýanyň 70-den gowrak ilatly nokadyndan, 15 seýilgähinden, 12 şäherinden we dört sebitinden geçýär. Ýoluň ugrunda respublikan we imperatorlyk döwründen mazarlar we willalar, şeýle-de ilkinji iudeý we hristian ýerzeminleri saklanyp galan.
Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan beýleki obýektler:

  • Malaýziýa: Milli Niah seýilgähiniň gowaklarynyň arheologiki mirasy
  • Germaniýa: Şwerin rezidensiýasynyň ansambly
  • Saud Arabystany: Al-Fau arheologiki zolagynyň medeni landşafty
  • Rumyniýa: “Rim imperiýasynyň serhetleri – Dakiýa” we Tyrgu-Žiu şäherindäki Brankuzi ýadygärlik toplumy
  • Russiýa: Arhangelsk sebitindäki “Goragly Kenozerýe” medeni landşafty

Umuman alanyňda, Nýu-Delidäki sessiýanyň dowamynda Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin 25 nominasiýa tassyklandy.


10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......