Türkmenistanyň gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumat portalyny işe girizdi

  • 29.07.2024 14:17
  • 2.6k+

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy işe girizildi.

Häzirki wagtda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynda 5000 sany daşary ykdysady işine gatnaşyjylary hereket edýär hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly edaralary tarapyndan elektron görnüşde berlen we resmileşdirilen arzalaryň sany 20 müňden geçdi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bu taslamanyň utgaşdyryjysydyr. Daşary ýurt ykdysady işlerine gatnaşyjylar üçin ulgamyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly döredildi.
Bu mehanizm, gümrük serhedinden geçýän harytlar ýa-da ulaglar barada maglumat berenden soň, ähli ulanyjylara eksport we import amallaryny hasaba almak üçin ähli talaplary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynda 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 22 sany düzüm birlikleri işleýär. Olar harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilmegi babatynda, daşary ykdysady işine gatnaşyjylara ygtyýarnamalary, güwänamalary we beýleki rugsat beriş resminamalary sanly ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşde resmileşdirme işlerini amala aşyrýarlar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......