Iň gadymy Müsür piramidasyny ýörite liftiň kömegi bilen guran bolmaklary ahmal

  • 29.07.2024 15:27
  • 5.5k+

Fransuz alymlary iň gadymy müsür piramidalarynyň içinde saklanyp galan piramida bolan Joseri gurmak üçin ýörite gidrawliki liftiň ulanylan bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Ol takmynan b.e. öňki 2680-nji ýylda gurlupdyr.

Ksawýe Landronyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar piramidanyň töweregindäki landşafty öwrenip, gadymy gurluşykçylaryň daşlary götermek üçin kanallaryň ulgamyny we dik şahtany ulanyp biljekdiklerine göz ýetirdiler. Kanallaryň suwy şahta düşüp, birbada 100 tonna daşy götermäge ukyply ýüzýän agaç lifti ýokary galdyryp  bilen bolmaly.
Bu çaklama gidrologiki we geologiki maglumatlaryň seljermesine, şeýle hem alymlaryň pikirine görä, kanallarda suwuň derejesini kadalaşdyrmak üçin bent bolup hyzmat eden Gisr-el-Mudir desgasyny öwrenmeklige esaslanýar.
Şeýle-de bolsa, käbir müsürliler beýleki piramidalarda şuňa meňzeş tehnologiýanyň ulanylandygynyň subutnamasynyň ýoklugyna salgylanyp, täze çaklama şübheli garaýarlar. Gurluşygyň dowamynda piramidanyň görnüşini üýtgetmek üçin gidrawliki liftiň nähili ulanylyp bilinjekdigi hem düşnüksizligine galýar.
Öňden gelýän ynançlara görä, müsürliler piramidalaryň gurluşygynyň gidýän ýeriniň golaý-goltumyndan gazylyp alnan ýumşak hek daşyndan agyr bölekleri kesip alypdyrlar. Soňra, daş döwülýän ýerlerden taýýar elementleri ýörite galdyryjylaryň kömegi bilen (daşlar derýanyň aňyrsyna gämilerde daşalypdyr) äkidipdirler we gysga pürslerden ýasalan ýörite platformalaryň kömegi bilen beýiklige çykarylypdyr. Bloklar biri-birine ýörite ergin bilen seplenipdir.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....