Türkmen dzýudoçylary Pariž Olimpiadasynda çykyşlaryna başlaýar

  • 28.07.2024 14:28
  • 11k+

27-nji iýulda Parižde badalga alan Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlar başlandy. Dünýäniň 122 döwletinden 378 türgen medallar toplumynyň 14-si ugrunda bäsleşerler. Türkmenistandan sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlarda 20 ýaşly Serdar Rahymow we 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa wekilçilik edýär.

Serdar Rahymowyň 66 kg çenli agram derejesinde ýaryş maksatnamasy şu gün - 28-nji iýulda başlanar. Onuň ilkinji garşydaşy Angoladan Edmilson Pedro bolar. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän Maýsa Pardaýewa tatamä 29-njy iýulda çykar we hytaýly Saý Si bilen tutluşar.
Watandaşlarymyza ýeňiş arzuw edýäris!


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......