«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna 361 çaga gatnaşar

  • 27.07.2024 14:41
  • 3k+

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçiriler.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat bolan 64 sany döredijilik topary, ýaşajyk aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......