Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlanan çäre geçirildi

  • 26.07.2024 16:11
  • 9.4k+

Ýurdumyzda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär. Mejlise görülýän taýýarlyk şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada Arkadag şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşi tarapyndan bilelikde guralan «Halk Maslahaty – kämil geljegi gurmagyň möhüm ýoly» atly çärede gürrüň edildi. Oňa Arkadag şäherindäki edaralarda we kärhanalarda işleýän ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran mejlisiniň möhüm ähmiýetini, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňýanynda boljak we şöhratly eždatlarymyzyň döwleti dolandyrmakdaky köp asyrlyk tejribesine esaslanýan halk häkimiýetiniň hakyky milli ýörelgeleriniň ýene-de bir subutnamasy boljakdygyny bellediler. Ählumumy forumy taýýarlamak we geçirmek işinde, onda kabul edilen ykbal çözüji kararlaryň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň ornuna we wezipelerine aýratyn üns berildi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....