Türkmen dzýudoçylary Parižde geçiriljek Olimpiadada garşydaşlaryny bildiler

  • 26.07.2024 15:26
  • 7.4k+

Parižde dzýudo boýunça Olimpiýa ýaryşynyň bije çekişigi geçirildi. Oýunlar-2024-de Türkmenistana Serdar Rahymow (66 kg çenli) we Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli) wekilçilik edýär.

Ýaryşlaryň birinji tapgyrynda (1/16 final) Rahymow Angoladan Edmilson Pedro bilen duşuşar. Bu agram derejesinde erkekleriň arasynda ýaryş 28-nji iýulda “Marsowo polede” geçiriler. Şol gün ýeňiji kesgitlener we sylaglama dabarasy bolar.

Pardaýewa 1/16 finalda Hytaýyň wekili Ki Kaý bilen duşuşar. 57 kg çenli agram derejesinde dzýudoçylaryň ýaryşy 29-njy iýulda geçiriler.

Birinji tapgyryň tutluşyklary 13:00-da başlar. Final tapgyrlary 19:00-da başlar.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......