Adamzat 5 asyrda Gyzyl kitaba girizilenden 100 esse köp haýwan görnüşini ýok etdi

  • 25.07.2024 12:43
  • 10k+

Alymlaryň aýtmagyna görä, soňky 500 ýylyň dowamynda haýwanlaryň 150 müňden 260 müňe çenli görnüşi adamzat tarapyndan ýok edildi. Bu görkeziji Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň (IUCN) Gyzyl kitabynyň sanawyndan ep-esli artykdyr.

Gyzyl kitapda ýitip giden görnüşleriň diňe 777-si görkezilýär, ýöne “Biological Reviews” žurnalynda çap edilen 2022-nji ýyldaky gözleglere görä, ýok bolup giden görnüşleriň sany 193-334 esse köp bolup biler.
Bu maglumatlar, soňra belli haýwan görnüşlerine goşulan ýer ulitkalarynyň ýok bolmak derejesiniň seljermesine esaslanýar. Alymlar ýok bolmak derejesiniň ýylda bir million görnüşe 150-den 260 hadysa aralygyndadygyny çaklaýarlar.
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda diňe 2 million töweregi haýwan görnüşiniň bize bellidigini we olaryň hakyky sanynyň 7,7 milliona ýetip biljekdigini nazara alsaň, ýok bolup gidýän görnüşleriň takyk sany belli däl.
Alymlar maglumatlaryň nädogry bolup biljekdigini aýtsalar-da, meseläniň wajyplygyny belläp, biodürlüligi goramak üçin has köp çäre görmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......