Audi täzelenen dizaýny bolan Q7 2024 -i hödürledi

  • 25.07.2024 00:13
  • 10k+

Audi kompaniýasy 2024-nji model ýylynyň Q7 kysymly awtoulagynyň täzelenen görnüşini hödürledi diýip, ITHome habar berýär.

Awtoulag esasy komplektasiýasyndaky ýaly, has täsirli radiator gözenekli we matrisa LED faraly täzelenen dizaýny aldy. Iň ýokary wersiýalary sagatda 70 km-den ýokary tizlikde gidende 600 metre çenli yşyklandyryş diapazonly lazerli faralar Model hatarynda 5 orunlyk täze Black Warrior görnüşi peýda boldy. Q7 2024-iň içinde 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar toplumy, 10,1 dýuýmlyk merkezi duýgur ekran we 8,6 dýuýmlyk howa gözegçiligi ekrany oturdyldy. Gymmat komplektasiýalarynda howa çalşygy opsiýalary we öňdäki oturgyçlaryň masažy deri bezeginiň üstüni ýetirdi.

Audi Q7 2024 iki hereketlendirijili görnüşde çykýar: 195 kW öndürýän 2,0 litrlik turbo görnüşli enjamly we 250 kW öndürýän 48 woltlyk ýumşak gibrid ulgamly 3,0 litrlik V6 hereketlendirijili. Iki görnüşi hem 8 tizlikli awtomatiki geçiriş we Quattro ähli tigirleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.
Awtoulag adaptasiýa howa podweskasy we ýedi sürüş tertibi bilen enjamlaşdyrylandyr. Howpsuzlyk ulgamlarynyň arasynda işjeň zolagy saklaýyş ulgamynyň, lidarly adaptasiýa kruiz-gözegçiliginiň we gijeki görüş ulgamynyň bardygyny  bellemelidiris.
Hytaýda  Audi Q7 2024-iň başlangyç bahasy 86 800 dollar.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...