Mejlisiň Başlygy ÝUNISEF-iň Türkmenistanda täze bellenen ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 24.07.2024 16:12
  • 6.4k+

23-nji iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň Türkmenistanda täze bellenen ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy.

Milli Parlamentiň Başlygy myhmany BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda myhman ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijelerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem, köp ýyllyk oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan bilelikdäki meýilnamalaýyn işlere aýratyn üns berildi.


düýn 11:41
3.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......