Samsung neýroulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin iňlis startapyny satyn aldy

  • 24.07.2024 15:18
  • 1.8k+

Samsung bilimleriň graflaryny (ulgamyny) işläp düzmeklige ýöriteleşen Oxford Semantic Technologies startapyny satyn aldy. Bu şertnama Günorta Koreýa kompaniýasyna emeli aň modellerini güýçlendirmäge mümkinçilik berer.

Oksford uniwersitetiniň professorlary tarapyndan 2017-nji ýylda esaslandyrylan Oxford Semantic Technologies, maglumatlary maşyn tarapyndan okalyp biljek maglumatlara öwürýän RDFox semantik pikirlenişini we bilimleriň graflaryny işläp düzýär. Bu funksiýa emeli aňy ulanmakda gözleg netijelerini we tekliplerini ep-esli işjeňleşdirip biler.
Samsung Oxford Semantic Technologies tehnologiýasyny Galaxy S24, Galaxy Z Fold 6 we Galaxy Z Flip 6 smartfonlary, telewizorlar we öý enjamlary ýaly önümlerine ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu tehnologiýa, enjamda maglumatlary howpsuz saklap, dürli hyzmatlardan tapawutly maglumatlary we kontekstleri birleşdirmäge mümkinçilik berer.
Samsung 2018-nji ýyldan bäri Oxford Semantic Technologies bilen hyzmatdaşlyk edýär.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......