“Joker 2-niň” premýerasy Wenesiýa kinofestiwalynda geçiriler. Film baş baýrak ugrunda göreşer

  • 24.07.2024 12:26
  • 3.2k+

Wenesiýa kinofestiwalyny gurnaýjylar geljekki çäräniň gatnaşyjylaryny yglan etdiler. Esasy premýeralaryň biri Todd Fillipsiň soňky ýyllarda iň meşhur kinokomiksleriniň biriniň dowamy bolan “Joker: iki adamlyk telbelik” («Джокер: Безумие на двоих») filmi bolar.

Film esasy maksatnama girer we baş baýrak – “Altyn ýolbars” üçin bäsleşer. Bellemeli ýeri, 2019-njy ýylda hut ilkinji “Joker” ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, bu heýkele mynasyp bolupdy. Bu gezek Todd Fillipsiň täze işi bilen birbada 20 film bäsleşer.
“Joker 2-niň” global premýerasy 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda bolar. Analitikler “Joker” filminiň dowamynyň üstünlikli boljakdygyna ynanýarlar – asyl film kinoteatrlarda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnapdy.
81-nji Wenesiýa kinofestiwaly 28-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Festiwaly Tim Býortonyň “Bitljus 2” filmi açar, onuň çäklerinde kinematografa goşan goşandy üçin beýlekiler bilen bir hatarda aktrisa Sigurni Wiwer (“Keseki”) we režissýor Piter Wir (“Trumanyň şouwy”) sylaglanar.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......