“Bitljus-2” filminiň premýerasy 2024-nji ýylyň Wenesiýa kinofestiwalyny açar

  • 03.07.2024 14:48
  • 4.3k+

81-nji Wenesiýa kinofestiwaly 28-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçiriler we ony režissýor Tim Býortonyň “Bitljus-2” filmi açar. Bu barada Deadline habar berýär.

Festiwalyň müdiri Alberto Barbera bu filmiň kinematografyň iň belli personažlarynyň biri Tim Býortonyň gaýdyp gelmegini aňladýandygyny, şeýle-de režissýoryň özüniň ussatlygyny we zehinini tassyklaýandygyny belledi.

“Men muňa diýseň begenýärin. Meniň üçin Wenesiýa kinofestiwalynda bu filmiň global premýerasy köp zady aňladýar” – diýip, Býorton aýtdy.

“Bitljusyň” birinji bölümi 1988-nji ýylda çykdy. Filmiň dowamynda Dits maşgalasy betbagtçylykdan soň ýene-de Winter-Riwer jaýyna gaýdyp gelýär. Bitljus tarapyndan henizem yzarlanýan Lidiýanyň durmuşy, ýetginjek gyzy Astrid üçekde şäheriň syrly modelini tapyp, tötänleýin o dünýä portaly açandan soň, başdanaýak üýtgeýär.
Bitljusy ýene-de Maýkl Kiton ýerine ýetirer, Waýnona Raýder bolsa Lidiýanyň roluna gaýdyp geler. Şeýle-de, filmde Ketrin O’Hara, Jastin Teru, Monika Belluççi, Artur Konti, Jenna Ortega we Willem Defo peýda bolar.
Film 4-nji sentýabrda halkara prokatyna çykar.
“Bitljusdan” başga-da, Tim Býorton “Edward gaýçy elleri” (Эдвард руки-ножницы, 1990), “Uly balyk” (Крупная рыба, 2003), “Çarli we şokolad fabrikasy” (Чарли и шоколадная фабрика, 2005), “Alisa täsinlikler ýurdunda” (Алиса в Стране чудес, 2010) we “Uly gözler” (Большие глаза, 2014) ýaly filmler bilen hem bellidir. 


27.04.2026 22:20
3.8k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

27.04.2026 11:37
2k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
5.2k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.6k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....