«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

  • 26.04.2026 11:04
  • 4.9k+

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär.

​Filmiň režissýory hökmünde Toma Lilti çykyş eder. Taslama Luazonyň maşgalasy hem ýakyndan gatnaşar.

​Film üç ýyldyzly «Michelin» baýragynyň eýesi we meşhur «La Côte d’Or» restoranynyň ýolbaşçysy bolan aşpeziň durmuşy we miras galdyran işleri barada gürrüň berer.

​Režissýor Lilti: «Onuň durmuşyny öwrenmek — kämillik, zähmet, ikirjiňlenmeler, kanunalaýyklyk we ýeke-täk galmaklyk barada gürleşmek diýmekdir. Bu beýik zehiniň öňdengörüjilikli güýjüni, şol bir wagtyň özünde-de onuň içinden ýykýan taraplaryny düşünmäge synanyşykdyr» diýip belledi.

​Taslamany Chi Fou Mi Productions we 31 Juin Films kompaniýalary durmuşa geçirer. Baş keşbi janlandyrjak aktýor heniz yglan edilmedi, surata düşüriş işleriniň başlanjak wagty hem entek belli däl.

​Bernar Luazo 1980–1990-njy ýyllarda fransuz gastronomiasynyň esasy şahsyýetleriniň biri bolupdy. Onuň restorany Solýe obasyny dünýä belli iýmit merkezine öwrürdi. Häzirki wagtda bu restoran «Le Relais Bernard Loiseau» ady bilen işleýär we ony aşpeziň maşgalasy dolandyrýar.

​Luazo «Ratatuý» multfilminiň gahrymany Ogýust Gýustonyň prototipleriniň biri hasaplanýar. Дальше suratlandyrylyşyna görä, bu gahryman tankytçynyň ýazan kül-peýekun ediji synyndan soň aradan çykýar.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....