“Bitljus-2” filminiň premýerasy 2024-nji ýylyň Wenesiýa kinofestiwalyny açar

  • 03.07.2024 14:48
  • 4.4k+

81-nji Wenesiýa kinofestiwaly 28-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçiriler we ony režissýor Tim Býortonyň “Bitljus-2” filmi açar. Bu barada Deadline habar berýär.

Festiwalyň müdiri Alberto Barbera bu filmiň kinematografyň iň belli personažlarynyň biri Tim Býortonyň gaýdyp gelmegini aňladýandygyny, şeýle-de režissýoryň özüniň ussatlygyny we zehinini tassyklaýandygyny belledi.

“Men muňa diýseň begenýärin. Meniň üçin Wenesiýa kinofestiwalynda bu filmiň global premýerasy köp zady aňladýar” – diýip, Býorton aýtdy.

“Bitljusyň” birinji bölümi 1988-nji ýylda çykdy. Filmiň dowamynda Dits maşgalasy betbagtçylykdan soň ýene-de Winter-Riwer jaýyna gaýdyp gelýär. Bitljus tarapyndan henizem yzarlanýan Lidiýanyň durmuşy, ýetginjek gyzy Astrid üçekde şäheriň syrly modelini tapyp, tötänleýin o dünýä portaly açandan soň, başdanaýak üýtgeýär.
Bitljusy ýene-de Maýkl Kiton ýerine ýetirer, Waýnona Raýder bolsa Lidiýanyň roluna gaýdyp geler. Şeýle-de, filmde Ketrin O’Hara, Jastin Teru, Monika Belluççi, Artur Konti, Jenna Ortega we Willem Defo peýda bolar.
Film 4-nji sentýabrda halkara prokatyna çykar.
“Bitljusdan” başga-da, Tim Býorton “Edward gaýçy elleri” (Эдвард руки-ножницы, 1990), “Uly balyk” (Крупная рыба, 2003), “Çarli we şokolad fabrikasy” (Чарли и шоколадная фабрика, 2005), “Alisa täsinlikler ýurdunda” (Алиса в Стране чудес, 2010) we “Uly gözler” (Большие глаза, 2014) ýaly filmler bilen hem bellidir. 


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......