«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

  • 26.04.2026 16:05
  • 5.7k+

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre Gazagystanyň paýtagtynda «RES 2026 EXPO» sergisiniň çäklerinde geçirildi.

Kinofestiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow gatnaşdy.

«Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan öndürilen bu film türkmenleriň bürünç eýýamyndan şu günlere çenli suwdan peýdalanmak medeniýetini öwrenýär.

Türkmen filmi bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň kino ussatlarynyň işleri hem baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Festiwalyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar Aral deňziniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy we suw çeşmelerini tygşytly ulanmak boýunça häzirkizaman çözgütleri tanyşdyrdy.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....