Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

  • 27.04.2026 22:20
  • 4.8k+

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. 

Bu jemi girdejiniň 97 million dollary ABŞ bazaryndan gelip gowuşdy, bu film "Köçeleriň sesi" we "Bogem rapsodiýasy" ýaly meşhur filmleriň ilkinji görkezijilerinden iki esse köp boldy. Bellemeli zat, film çykmazyndan bir aý öň seljerijiler onuň ujypsyz 50-60 million dollarlyk girdeji gazanjakdygyny çaklapdylar.

Amerikanyň kassalarynda Maýkl Jekson hakyndaky hekaýat 2026-njy ýylyň iň ýokary girdejisi boýunça ikinji orny eýeledi, diňe 131 million dollar girdeji gazanan "Super Mario: Galaktiki kino" multfilminden yza galdy.

Taslamanyň režissýory Antuan Fukua boldy.

Filmde artistiň The Jackson 5 toparyndaky ilkinji ýyllaryndan başlap, dünýä ýyldyzy derejesine çenli bolan ýoluny beýan edýär. Baş keşbi aýdymçynyň ýegeni Jafar Jekson, onuň ene-atasyny bolsa Kolman Domingo bilen Nia Long janlandyrýar.

Filmiň täjirçilik üstünligine garamazdan, bu baradaky pikirler düýpli bölündi. Rotten Tomatoes-da tankytçylaryň “täze” reýtingi diňe 38% boldy, tomaşaçylaryň ballary bolsa 97%-e ýetdi. Şeýle tapawut Metacritic-de hem hasaba alyndy we Letterboxd-yň ulanyjylary baýopike mümkin bolan 5 ýyldyzdan 3,6 ýyldyz berdiler. Tankytçylar kinorežissýorlary artistiň terjimehalyny öte ýylmamakda we onuň şahsyýetini düýpli açmazlykda günäkärleýärler. Has takygy, aýdymçynyň terjimehalyndaky jedelli temalar soňky wersiýadan doly aýryldy: olar aslynda ssenariýa girizilipdi, ýöne kanuny ylalaşyklar we Jeksonyň maşgalasynyň gatyşmagy sebäpli aýryldy.

Beýleki tarapdan, tomaşaçylar filmi uly joşgun bilen garşyladylar we gös-göni kinoteatrlarda performanslary guradylar. Sosial media Jafaryň daýysyna bir almany ikä bölen ýaly meňzeşdigini işjeň ara alyp maslahatlaşýar we aýdym-sazly sahnalaryň goýluşyny öwýär, emma käbirleri hitleri çenden aşa köp hasaplaýarlar, bu bolsa käte filmi aýdym-saz wideosyna meňzedýär.

"Maýkl" filminiň önümçiligi Lionsgate, Universal studiýalaryna we aýdymçynyň mirasdüşerlerine 200 million dollara düşdi, bu bolsa ony iň gymmat terjimehal filmleriniň birine öwürdi. Üstünligiň fonunda eýýäm onuň dowamynyň çykmagyna  garaşylýar.


düýn 23:54
286

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....