“Ýeňiş hemmeler üçin däl”: Nike Pariž Olimpiadasy üçin täze mahabat kampaniýasyny hödürledi

  • 23.07.2024 17:30
  • 4.9k+

Nike "Ýeňiş hemmeler üçin däl" atly täze mahabat kampaniýasyna başlady. Ol Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanýar.

Kampaniýa sportuň dürli görnüşlerini we türgenleri görkezýär. Olaryň hatarynda Lebron Jeýms, Kobi Braýant, Killian Mbappe, Kriştianu Ronaldu, Ýannis Adetokunbo, Serena Uilýams, Şa'Karri Riçardson, Sofiýa Smit, Bebe Wio, Sinwen Çžen, Ýakob Ingebrijtsen, Eýža Uilson, Ikshelt Gonsales, Wiktor Wembanýama, Sabrina Ionesku we Eluid Kipçoge dagylar bar.
Wideorolikde sportuň we ýeňiş gazanmaga bolan islegiň dürli gatlaklardan bolan adamlary nähili ruhlandyrýandygy görkezilýär. Nike-yň marketing bölüminiň müdiri Nikol Hubbard Grem bu kampaniýanyň diňe bir mahabat bolman, eýsem, türgenleri we olaryň isleglerin goldamakdygyny nygtady.

“Bu türgenleriň münbere çykmak üçin edýän gurbanlary, tutanýerliligi we erjelligi baradaky hekaýat. Entek döredilmeli miras we hasyl boljak arzuwlar. Bu ýeňşe bolan islegde hiç hili erbetligiň ýokdugyny dünýä ýatladýar "- diýip, ol belledi.


26.06.2026 20:10
9.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

19.06.2026 17:01
9.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......