Fransiýada Olimpiýa oýunlary wagtynda polisiýa işgärlerine sakgyç çeýnemek gadagan edildi

  • 23.07.2024 14:57
  • 11k+

Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmanen Parižde geçjek Olimpiýa oýunlarynda howpsuzlygy üpjün etjek Pariž polisiýasyna we žandarmlaryna berk görkezmeleri berdi. Şolaryň hatarynda - gulluk wagtynda olara sakgyç çeýnemek gadagan edildi diýip, Le Soir neşiri habar berdi.

"Biziň ählimiz abraýly pursady başdan geçirýäris" -diýip, Darmanen hukuk goraýjy işgärleriň "Fransiýanyň ýüzüdigini" we olaryň "berkligi, howpsuzlygy üpjün edip, myhmansöýerlik" görkezmelidigini aýtdy.

Ministr polisiýa işgärlerini nobatçylyk çekýän wagtynda mylakatly bolmaga, ýylgyrmaga we jübi telefonlaryny ulanmazlyga çagyrdy. Şeýle hem, "gazetleriň sözbaşyna düşmek üçin diňe bir ýa-da iki adamyň özüni düzgüne laýyk däl alyp barmagynyň ýeterlikdigini" belläp geçdi.
Olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygyny, takmynan, 35 000 polisiýa işgäri we žandarmlar, şeýle hem 18 000 esger üpjün eder. Oýunlaryň açylyşy güni hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň sany ýene 10 000 adam artar.
Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.


09.06.2026 23:10
2.4k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......