SpaceX Halkara kosmos stansiýasyny ýok etmek üçin rekord mukdarda hereketlendirijisi bolan kosmos gämisini gurar

  • 22.07.2024 22:39
  • 8k+

NASA amerikan kosmos gullugy SpaceX bilen 2031-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasyny (ISS) orbitadan çykarmak barada şertnama baglaşandygyny ozal habar beripdik. Ilon Maskyň kompaniýasynyň bu meseläni nädip çözjekdigi belli boldy.

Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin SpaceX Dragon ýük gämisini, adaty 18-e derek 46 hereketlendiriji oturdyp, üýtgeder.
NASA-nyň berýän habaryna görä, HKS-ny orbitadan Russiýanyň “Progress” ýük gämileriniň kömegi bilen çykarmak gaty töwekgelçilikli we netijesiz bolardy. Hereketlendirijileri we ýangyjy (16 tonna) artdyrylan Dragon stansiýanyň orbital beýikligini kem-kemden peseldip, ýylyň dowamynda ony togtadar.
Dragon-yň modifikasiýasy gäminiň gurluşyna düýpli üýtgeşmeler girizmegi, şol sanda hyzmat ediş bölümini uzaltmagy talap eder. Şeýle agyr gämini orbita çykarmak üçin Falcon 9-danam has güýçli raketa, belki-de Falcon Heavy ýa-da Starship gerek bolar.
NASA-nyň hasaplamalaryna görä, HKS-nyň agramly bölegi atmosferada ýanyp gider, uly bölekleri Ýeriň ýüzüne hem gelip biler. Şonuň üçin hem stansiýany aýyrmak wezipesi uzak wagt alar we gymmat düşer.
Käbir bilermenler şeýle çylşyrymly we gymmat missiýanyň zerurdygyna şübhelenip, 1979-njy ýylda ýörite gämileri ulanman, “Skaýleb” orbital stansiýasynyň aýrylyşynyň üstünlikli tejribesini mysal getirýärler.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......