Disney-iň ýolbaşçysy rekord 250 mln dollara zenan futbol klubuny satyn alýar

  • düýn 21:33
  • 3235
Disney-iň ýolbaşçysy rekord 250 mln dollara zenan futbol klubuny satyn alýar

Disney kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bob Aýger we onuň aýaly Willou Beý “Enjel Siti” zenan futbol klubunyň täze eýeleri bolarlar. Bu barada Milli zenanlar futbol ligasynda (NWSL) çykyş edýän Los-Anjelesden bolan toparyň saýtynda habar berilýär diýip, RBK ýazýar.

Aýger bilen Beý 250 mln dollara paýnamalaryň gözegçilik bukjasyny satyn alar, bu hem “Enjel Sitini” dünýäde iň gymmat zenan sport toparyna öwrer. Şertnama tamamlanandan soň, Beý klubuň müdirler geňeşiniň düzümine girer we oňa doly gözegçiligi ele alar. Şeýle-de, Beý we Aýger kluba goşmaça 50 mln dollar maýa goýar.
Öňki rekord mart aýynda Levine Leichtman Capital Partners tarapyndan 120 mln dollara satyn alnan NWSL-iň “San-Diego Ueýw” klubuna degişlidi.
“Enjel Siti” 2020-nji ýylda aktrisa Natali Portman, wençur kapitalçysy Kara Nortman we telekeçi Juli Urman tarapyndan esaslandyryldy. Reddit-iň esaslandyryjysy we tennisçi Serena Uilýamsyň ýoldaşy Aleksis Oganýan klubuň dolandyryjy eýesi boldy. Şertnama ýapylandan soň, Portman, Urman we Oganýan müdirler geňeşine girmegini dowam etdirerler.
Geçen möwsümde “Enjel Siti” pleý-offuň 1/4 finalynda utulyp, NWSL-de bäşinji orny eýeledi.


19.04.2024 18:46
13532

Holand saç üçin rezinleri öndürýän kompaniýanyň maýadary boldy

Daily Mail-iň habaryna görä, «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand saç üçin rezinleri öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýa maýa goýdy. Dünýä futbolynda iň gowy hüjümçileriň biri Norwegiýanyň Bon Dep...

20.02.2024 00:00
7056

Finlýandiýaly milliarder “Interiň” 100% paýnamasyny satyn almak barada resmi teklip hödürledi

Finlýandiýaly milliarder Tomas Zilliakus “Interiň” 100% paýnamasyny satyn almak barada resmi teklip hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Zilliakus Angliýanyň “Mançester...

08.02.2024 21:47
7177

Adidas Jud Bellingemiň firma logotipini çykarar

Germaniýanyň sport egin-eşiklerine ýöriteleşýän Adidas kompaniýasy Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingemiň firma logotipini çykarmakçy bolýar. Bu barada “Footy Headlines” neşirine salgylanyp, championat...

07.09.2023 23:59
10609

«Mançester Ýunaýtediň» paýnamalary 2012-nji ýyldan bäri rekord derejede pese düşdi

«Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň paýnamalary geçen söwda möwsüminde rekord derejede pese düşdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Bu pese düşüşe klubyň eýeleriniň – Gleýzerler maşgalasyndan bolan amerikan telekeçileriň...