Microsoft global näsazlykdan soň kompýuterleri dikeltmek üçin gural çykardy

  • 22.07.2024 21:24
  • 3.1k+

Microsoft kompaniýasy CrowdStrike programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen ýüze çykan global PK näsazlygynyň netijelerini düzetmek üçin Recovery Tool resmi guralyny çykardy diýip, 3Dnews habar berýär.

Bu gural näsazlygy düzetmek işini has aňsatlaşdyrmaga we çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir. Ol çykmazdan ozal, el gatyşygyny talap edýän ädimleýin gollanma bardy we ol, aýratynam, ýüzlerçe ýa-da müňlerçe zyýan çeken gurluşlary bolan guramalarda köp wagt alýardy.
Recovery Tool guralyny ulanmak üçin kompaniýa jikme-jik görkezmeleri we zerur şertleriň sanawyny hödürledi. Mysal üçin, zyýan çeken kompýuterde azyndan 8 Gbaýt boş ýer, administrator hukuklary, BitLocker dikeldiş açary (şifrlenen kompýuterler üçin) we azyndan 1 Gbaýt sygymly USB-ýygnaýjysy bolmaly.
Ýatlap geçsek, bökdençlik geçen penşenbe güni CrowdStrike täzelenmesiniň gurluşlara awtomatik taýdan gurnalmagy bilen ýüze çykdy. Mesele CrowdStrike-yň howpsuzlyk çözgütlerini üpjün ediji hökmünde operasion ulgamyň ýadrosy derejesinde işlemegidir. Bu derejedäki ýalňyşlyk kompýuterleriň “mawy ölüm ekranyny” (BsoD) çykaryp, açylmagyny bes etmegine getirdi.
Näsazlyk, kompaniýanyň hasabyna görä, bütin dünýäde 8,5 milliondan gowrak Windows kompýuterine täsir etdi. Bu dünýädäki ähli Windows kompýuterleriniň 1%-ini emele getirýän bolsa-da, bökdençlik müňlerçe guramalaryň we möhüm infrastrukturalaryň işine uly zyýan ýetirdi.
Microsoft ýagdaýa derrew seslenip, müşderilere kömek etmek üçin hünärmenleri iberdi. Kompaniýa täsir eden kompýuterleri düzetmegiň has netijeleri usullaryny çalt tapmak üçin CrowdStrike, Google Cloud Platform we Amazon Web Services bilen hyzmatdaşlyk etdi.

 


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...