Hytaýda Toyota Land Cruiser Prado 250-niň tapgyrlaýyn önümçiligi başlandy

  • 22.07.2024 16:32
  • 15k+

Hytaýdaky FAW we Toyota-nyň bilelikdäki kärhanasy täze Toyota Land Cruiser Prado 250 wnedorožnikleriniň tapgyrlaýyn önümçiligini başlady. Awtoulaglaryň satuwy şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirildi.

Täzelenmeler:

  • Awtoulagyň öň tarapy 2 görnüşde: gönüburçly faralar we 70-nji ýyllaryň Land Cruiser-i stilindäki tegelek görnüşli faralar.
  • 4 reňk: bürünç, çal, ak we gara.
  • Ölçegleri: uzynlygy – 4925 mm, ini – 1940 mm, beýikligi – 1910 mm, teker bazasy – 2850 mm.
  • Güýç gurluşy: 2,4 litrlik benzinli turbo hereketlendirijili, 8 basgançakly awtomatiki geçirişli we doly priwodly gibrid ulgamy. Umumy kuwwatlylygy – 330 at güýji.

Enjamlaşdyrylyşy:

  • Esasy wersiýasy: ýyladyş funksiýasy we elektrik sazlamasy bolan awtomatiki aýnalar, 7 dýuýmlyk ekranly sanly gural paneli, 10,25 dýuýmlyk ekranly media ulgam.
  • Ýokary wersiýasy: iki 12,3 dýuýmlyk ekran.

Hytaýda satuwdan öňki bahasy 63,3-75,6 müň dollar aralygynda. Ýöne bölekleýin satuw bahasynyň arzan bolmagyna garaşylýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......