Grenlandiýa bilen Kanadanyň arasynda täze mikrokontinent tapyldy

  • 22.07.2024 16:29
  • 10k+

Halkara alymlar topary günorta-gündogar Kanadanyň, Baffin adasynyň we Grenlandiýanyň günorta-günbatarynyň arasyndaky Dewis bogazynda mikrokontinent tapdylar.

Iňlis we şwesiýaly barlagçylar sebitiň tektoniki rekonstruksiýasyny döretmek üçin agyrlyk güýji we seýsmiki prosesler baradaky maglumatlary ulandylar. Netijede, Dewis bogazynda adaty bolmadyk galyň kontinental gabygyň hakykatdanam aýratyn mikrokontinentdigini, kontinentden bölünip aýrylan tektoniki blokdygyny anykladylar. Oňa "Dewis bogazynyň proto-mikrokontinenti" diýilýärdi.
Alymlaryň pikiriçe, tektoniki plitalaryň iki bölege bölünmegi, takmynan, 118 million ýyl ozal, 61,27 million ýyl ozal Labrador deňzinde kontinental bölünişik bolmanka başlandy. Grenlandiýa çaknyşyp, Demirgazyk Amerika plitasyna goşulýança materikler aýrylmagyny dowam etdirdi. Hut şol wagt täze mikrokontinent döräpdir.
Bu açyş plitalaryň tektonikasyna we Ýeriň ösüşine edýän täsirine düşünmek üçin möhüm ähmiýete eýe. Barlag geljekdäki tektoniki wakalary we olaryň getirip biljek netijelerini çaklamaga kömek edip biler.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......