Microsoft CrowdStrike ýalňyşlygyny düzetmek üçin kompýuterleri 15 gezek öçürip ýakmagy maslahat berýär

  • 22.07.2024 13:29
  • 5.2k+

Windows-da bolup geçen uly hadysadan soň, Microsoft CrowdStrike hyzmaty bilen baglanyşykly kynçylyk çeken korporatiw müşderilerine kompýuterlerini öçürip ýakmagy maslahat berdi. Bu prosessiň 15 gezek gaýtalanmagy teklip edilýär diýip, Microsoft Azure hyzmat goldawynyň habaryna salgylanýan The Verge ýazýar.

Kompaniýanyň habarynda: “CrowdStrike Falcon agenti bilen Windows Client we Windows Server-iň dolandyrýan wirtual maşynlaryna täsir edýän mesele bize mälimdir".
Korporasiýanyň işgärleri: "Müşderilerden gelýän teswirlere görä, birnäçe gezek öçürip ýakmak zerur bolar, şeýle-de bolsa umumy seslenme bu çözgüdiň täsirlidigini görkezýär".
Bu usul täsir etmedik ýagdaýynda, kompaniýa CrowdStrike draýwerini bozmagy maslahat berýär.
CrowdStrike-yň baş direktory programma üpjünçiliginde näsazlygyň bardygyny boýun aldy we meseläniň düzedilendigini mälim etdi. Ol müşderilerden ötünç sorap, ulgamyň doly işlemegi üçin birnäçe wagt gerek bolup biljekdigini aýtdy.
Windows-da uly şowsuzlygyň anna güni agşam ýüze çykandygyny ýatladýarys. Şol sebäpli dünýäniň aragatnaşyk operatorlaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, hassahanalara, banklara we awiakompaniýalara zeper ýetdi. Bu hadysa, Windows operasion ulgamy tarapyndan dolandyrylýan takmynan 8,5 million enjama täsir etdi.
Microsoft: “Programma üpjünçiliginiň täzelenmegi wagtal-wagtal ýalňyşlyklara sebäp bolup bilse-de, Crowdstrike ýalňyşlygy ýaly hadysalar seýrek bolýar. Hasaplamalara görä, bu hadysa Windows enjamlarynyň 1%-ine, ýagny 8,5 million enjama täsir etdi".


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...