La Ligada we APL-de iň köp zähmet hakyny alýan oýunçylar belli boldy

  • 22.07.2024 07:52
  • 10k+

Capology neşiri Ispaniýanyň La Ligasynda we Angliýanyň premýer-ligasynda iň köp hak alýan futbolçylaryň reýtingini düzdi. 

Ispaniýada iň ýokary zähmet haky “Barselonanyň” ýarym goragçysy Frenki de Ýonga degişli. Niderlandly futbolçy 2024/25-möwsüminde kepillendirilen 37,5 mln ýewrony alar, ýene 20,1 mln ýewrony bonus hökmünde alyp biler.
Şeýle-de, reýtingiň üçlügine “gök-gyzyllaryň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskiý we Madridiň “Realynyň” täze oýunçysy, fransiýaly Kilian Mbappe girýär.

La Liganyň iň köp hak alýan 10 futbolçysy:

  1. Frenki de Ýong (“Barselona”) – 37,5 mln ýewro (kepillendirilen) + 20,1 mln ýewro (bonus)
  2. Robert Lewandowskiý (“Barselona) – 33,5 mln ýewro
  3. Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”) – 31,2 mln ýewro
  4. Dawid Alaba (Madridiň “Realy”) – 22,5 mln ýewro
  5. Ýan Oblak (“Atletiko Madrid”) – 20,8 mln ýewro
  6. Winisius Žunior (Madridiň “Realy”) – 20,8 mln ýewro
  7. Jud Bellingem (Madridiň “Realy”) – 18,7 mln ýewro
  8. Ilkaý Gündogan (“Barselona”) – 16,6 mln ýewro
  9. Federiko Walwerde (“Madridiň “Realy”) – 15 mln ýewro
  10. Tibo Kurtua (Madridiň “Realy”) – 14,5 mln ýewro.

APL-2024/25-de iň köp zähmet hakyny belgiýaly Kewin de Brýoýne alar. “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysyna 20,8 mln funt sterling kepillendirilýär. Premium bölegi belli däl.
Ilkinji üçlüge onuň klubdaşy, norwegiýaly hüjümçi Erling Holand, şeýle-de “Liwerpulda” çykyş edýän müsürli Mohamed Salah girýär. Şol bir wagtyň özünde, toparlaryň netijelerine baglylykda bonuslary göz öňünde tutup, “Mançester Ýunaýtediň” braziliýaly goragçysy Kazemiro ondan öňe geçip biler. 
APL-iň iň köp hak alýan 10 futbolçysy:
1. Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”) – 20,8 mln funt sterling (kepillendirilen)
2. Erling Holand (“Mançester Siti”) – 19,5 mln funt (kepillendirilen) + 24,7 mln funt (bonus)
3-4. Mohamed Salah (“Liwerpul”) – 18,2 mln funt (kepillendirilen) + 2,6 mln funt (bonus)
3-4. Kazemiro (“Mançester Ýunaýted”) – 18,2 mln funt (kepillendirilen) + 5,2 mln funt (bonus)
5-6. Rahim Sterling (“Çelsi”) – 16,9 mln funt (kepillendirilen)
5-6. Romelu Lukaku (“Çelsi”) – 16,9 mln funt (kepillendirilen)
7-9. Bernardu Silwa (“Mançester Siti”) – 15,6 mln funt (kepillendirilen)
7-9. Markus Reşford (“Mançester Ýunaýted”) – 15,6 mln funt (kepillendirilen) + 3,9 mln funt (bonus)
7-9. Jek Griliş (“Mançester Siti”) – 15,6 mln funt (kepillendirilen)
10. Kaý Hawerts (“Arsenal”) – 14,56 mln funt (kepillendirilen) + 2,6 mln funt (bonus).


düýn 13:51
7.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......