Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna 8,8 milliondan gowrak petek satyldy. Bu Olimpiada üçin rekord

  • 22.07.2024 07:55
  • 5.4k+

Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlaryna 8,8 milliondan gowrak petek satyldy. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) sport müdiri Kit Makkonnelle salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“8,8 milliondan gowrak petek satyldy – bu Fransiýada sport çäresi üçin geň galdyryjy mukdar, iň uly mukdar” – diýip, Makkonell žurnalistlere aýtdy. Satylan petekleriň sany Olimpiada üçin rekorddyr, öň üstünlik 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Oýunlara degişlidi – 8,3 million petek.

HOK-yň sport müdiri Oýunlarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin “dürli gulluklaryň 30 müňe golaý işgäriniň gatnaşýandygyny” belledi.
Şeýle-de, HOK-yň Milli olimpiýa komitetleri (MOK) bilen aragatnaşyk departamentiniň müdiri Jeýms Makleod Olimpiýa obasynda 116 wekiliýetiň hasaba alnandygyny habar berdi.
Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.


düýn 23:43
5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....