Bloger Jeýk Pol boks söweşinde UFC-niň öňki çempionyndan üstün çykdy

  • 22.07.2024 07:49
  • 12k+

Amerikaly bloger Jeýk Pol boks düzgünleri boýunça geçirilen söweşde UFC-niň öňki çempiony amerikaly Maýk Perrini ýeňdi. Tampada (Florida ştaty, ABŞ) geçirilen söweş altynjy raundda nokaut bilen tamamlandy. 

Ilkibaşda Pol boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson bilen duşuşmalydy, ýöne söweş 57 ýaşly boksçynyň saglyk ýagdaýy sebäpli 15-nji noýabra süýşürildi. Maý aýynda Taýson Maýamiden Los-Anjelese uçan uçarda özüni ýaramaz duýdy, oňa lukmanlaryň kömegi gerek boldy.
27 ýaşly Pol 11 boks söweşine gatnaşyp, 10 ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi. 32 ýaşly Perriniň hasabynda iki boks söweşinde iki ýeňliş bar.


düýn 23:43
5.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......