Porsche resmi taýdan Panamera sportkaryny hödürledi

  • 20.07.2024 23:29
  • 5.2k+

Porsche resmi taýdan Panamera Turbo S E-Hybrid sportkaryny hödürledi. Bu model ýakynda Nýurburgring ýolunda rekord goýdy.

Sportkar kuwwaty 591 at güýji bolan iki turboly 4,0 litrlik hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Goşa birleşdirijili sekiz basgançakly awtomatiki hereket geçiriji gutuda gurnalan elektrik hereketlendirijisi bolsa ýene 187 at güýjüni berýär. Bilelikde olar 771 at güýjüni öndürýärler, bu öňki modelden 81 at güýji ýokarydyr.
Modeliň aýratynlyklary:

  • ·Umumy kuwwaty: 771 at güýji
  • ·Aýlanma pursaty: 1000 Nm
  • ·100 km/sag çenli bat alyş: 2,8 sekunt
  • ·Iň ýokary tizlik: 325 km/sag
  • ·Akkumulýator batareýasynyň sygymy: 25,9 kWt/sag (45% ýokarlandyrma)

Şeýle-de, täze awtoulag keramiki tormozlara, merkezi berkidiji bilen 21 dýuým disklere, uglerod süýüminden aerodinamiki topluma we Michelin Pilot Sport Cup 2 şinasyna eýe boldy.
Porsche Panamera Turbo S E-Hybrid sargyt etmek üçin opsiýalary hasaba almazdan 228,5 müň dollar baha bilen elýeterlidir.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......