Porsche Panamera Mersedes-AMG GT 63 S 4Matic+-dan öňe geçip, Nýurburgringiň rekordyny täzeledi

  • 17.07.2024 14:02
  • 3.5k+

Porsche üçünji nesil Panameranyň iň çalt wersiýasy bilen Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy. Örtüksiz prototip 7:24,17 wagtda rowaýata öwrülen trassany külterlemegi başaryp, öňki netijäni 5,64 sekunt gowulandyrdy diýip, Carscoops ýazýar.

Panamera-nyň haýsy wersiýasynyň rekord goýandygy entek belli däl, ýöne çeşmäniň pikirine görä, bu Turbo S E-Hybrid-iň geljekki wersiýasy bolup biler. Ol elektrikleşdirilen 4,0 litrlik goşa turbo V8 bilen işlär we 670 at güýjünden gowrak kuwwaty öndürer diýip garaşylýar.
Prototipi Panamera bilen eýýäm iki gezek Nýurburgringiň rekordyny goýan sürüji Lars Kern sürdi. Täze rekord model üçin üçünji rekord boldy we öň 7: 27,800 rekord wagtyny saklap gelýän dört gapyly Mersedes-AMG GT 63 S 4Matic + -den birinjiligi aldy.
Porsche entek täze Panamera modifikasiýasy baradaky jikme-jiklikleri aýan etmedi, ýöne onuň önümçilik modelinden diňe ýaryş oturgyjy we howpsuzlyk karkasy bilen tapawutlanjakdygyny wada berdi.


26.06.2026 23:43
8.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....