Alymlar syçanlarda garramagy haýalladyp, olaryň ömrüni 20% uzaltdylar. Synaglar indi adamlarda geçirilip başlandy

  • 20.07.2024 11:56
  • 15k+

Halkara alymlar topary syçanlarda ömri uzaldýan dermany üstünlikli synagdan geçirdi. Interleýkin-11 belogynyň öňüni almaga gönükdirilen ösüş haýwanlaryň ömrüni 20-25% artdyrdy. Indi bu derman adamlarda synag edip görülýär diýip, BBC habar berýär.

Ösüş MRC-iň Lukmançylyk ylymlary laboratoriýasynyň, Londonyň imperiýa kolejiniň we Singapuryň Duke-NUS lukmançylyk mekdebiniň barlagçylaryna degişlidir.
Syçanlar bilen geçirilen synag wagtynda barlagçylar interleýkin-11 belogynyň garrama täsirini öwrendiler. Olar bu belogy öndürmek mümkinçiliginden mahrum bolan, genetiki taýdan üýtgedilen haýwanlaryň ýagdaýyna baha berdiler. Şeýle hem alymlar genomy üýtgedilmedik syçanlar toparyna interleýkin-11-i çykarmak üçin derman berdiler.
75 hepdelik, adam ýaşynyň ölçegi bilen hasaplananda 55 ýaşly syçanlara “garrama garşy derman” berildi.
Syçanlaryň iki toparynyň hem beren netijeleri hem takmynan birmeňzeş boldy. Hususan-da, haýwanlarda rak keseliniň döremek ähtimallygy azdy, myşsalarynyň ýagdaýy has gowudy, olar syratlydy we has sagdyn tüýi bilen tapawutlanýardy.
Interleýkin-11 adam bedeninde möhüm rol oýnaýar: ol adama ýaşynyň irki döwürlerinde kelläniň süňkleriniň birleşmegi, bogunlaryň güýçlenmegi we dişleriň emele gelmegi üçin zerurdyr. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň pikirine görä, ýaşynyň soňunda bu belok onuň garramagyna sebäp bolýar.
Alymlar interleýkin-11-i aýyrýan dermanyň howpsuz boljakdygyna ynanýarlar. Eger synaglar muny tassyklasa, garrylygy sözüň doly manysynda “bejerip bolar”. Geljekki “bejerginiň” bahasy baradaky sowal açyklygyna galýar.


düýn 17:37
2.1k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2.1k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.5k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......