Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalyny we “Sanly şäher” mobil goşundysyny işe girizdi

  • 20.07.2024 00:55
  • 10k+

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we “Sanly şäher” atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizildi. Olar yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, wise-premýer B.Annamämmedow 19-njy iýulda Hökümet mejlisinde aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ilatymyza edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalary üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe goýberildi.
Bu taslamanyň işe goýberilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň we raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle hem ilatymyza edilýän jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlaryny elektron görnüşinde hasabatyny ýöretmäge mümkinçilik döretdi.
Mundan başga-da, ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri bir penjire ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm)  we ýurdumyzda giňden ulanylýan mobil goşundy programmalarynda ýerleşdirildi.
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny ornaşdyrmagy yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....