Beýik Britaniýanyň Patyşasy Gernsi adasynyň altynsow geçilerine patyşalyk derejesini berdi

  • 19.07.2024 23:20
  • 12k+

Patyşa Karl III Gernsi adasy bilen baglanyşygy boýunça tanalýan seýrek altynsow geçileriň tohumyna patyşalyk derejesini berdi. Olar indi Gernsiýiň altynsow patyşalyk geçileri diýlip atlandyrylar, bu at bütin dünýädäki şol tohumdan bolan geçilere degişli bolar diýip, AP habar berýär.

Tohuma wekilçilik etmek üçin saýlanan Sammerwil geçisiniň eýesi Temsin: “Bu tohumy hemmä tanadar diýip umyt edýärin” - diýdi.
Altynsow geçiler seýrek we ýitip barýan tohum hökmünde sanawa girizilendir. Olar dostana häsiýeti, diýenedijiligi we ýokary hilli süýt bilen tanalýarlar.

"Olar ot-iými saýlap iýýärler we olaryň otlaýan öri meýdany daşky gurşawa peýdaly bolup biler" – diýip, Rare Breeds Survival Trust guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Kristofer Praýs belledi. - Biz öý haýwanlarynyň we atlaryň seýrek tohumlaryny goldaýandygy üçin Onuň Alyhezretine minnetdardyrys".


19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......