Müsürli syýahatçy dünýäniň täze ýedi täsinligini hemmeden çalt aýlanyp çykmakda rekord goýdy

  • 19.07.2024 15:40
  • 14k+

Müsürli Magdi Eýssa bary-ýogy 6 gün 11 sagat 52 minutda dünýäniň täze ýedi täsinligine aýlanyp çykyp, dünýä rekordyny täzeledi. Ol iňlis Jeými MakDonaldsyň öňki gazanan üstünliginiň wagtyndan 4 sagat 8 minut öňürtdi diýip, “Wokrug sweta” neşiri habar berýär.

Eýssa syýahat ugruny oýlanyşykly meýilleşdirdi we gündogardan günbatara tarap hereket etdi: ilki Hytaýa we Hindistana, soňra Iordaniýa, Italiýa, onsoň Günbatar ýarym şara iň uzak uçuşy edip, Braziliýa, Peruwa, Meksika bardy. Ol yzly-yzyna Hytaýyň Beýik diwarlaryna, Täç-Mahala, Petra, Kolizeýe, Halas ediji Mesihiň heýkeline, Maçu-Pikçuwa we Çiçen-Isuwa baryp gördi.
Ol awtobusda, otluda we pyýada syýahat etdi. Çünki syýahatça ýoly öz hususy awtoulagynda geçmäge rugsat berilmeýär, bu ýagdaýda Ginnesiň Rekordlar kitaby onuň arzasyny kabul etmeýär, sebäbi syýahatçy ulagy ýokary tizlikde sürüp, howply ýagdaýa düşüp biler.


Logistikany, wiza çäklendirmelerini we köp býurokratik päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň zerurdygyny göz öňünde tutup, Eýssa syýahatyny öňünden bir ýarym ýyllap meýilleşdirdi. Ýolda ol birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol Petra gidýän awtobusy sypdyryp, Günorta Amerikadan gaýdýan soňky uçur gatnawyndan  gijä galanda, bu rekord tasdanam elinden gidipdi. Şeýle-de bolsa, ähli päsgelçilikleri ýeňip geçmek oňa başartdy.
Eýssanyň sözlerine görä, syýahat onuň üçin diňe bir fiziki tejribe däl, eýsem akyl tejribesi hem boldy. "Şahsy kanagatlanmadan başga-da, bu synag maňa gündelik dartgynlylykdan we adaty durmuşyň basyşyndan az wagtlygam bolsa daşlaşmaga mümkinçilik berdi" –diýip, ol belledi.

“Rekord goýmaga synanyşygyň bütin dowamynda biçak çalt depgin we meseläni tizden-tiz çözmegiň gerekdigi beýleki zatlardan ünsümi sowmaga gowy kömek etdi. Her bir adam syýahat etjek bolmaly we oňa maýa goýmaly, bu ruhuňy baýlaşdyrýan tejribe, ony her kim durmuşynyň belli bir döwründe edinmegi gerek. Bu akylyň "gözlerini açýar", geljege ynamy giňeldýär we adamlara täze medeniýetleri, pikirleri we ýaşaýyş ýörelgesini açmaga mümkinçilik berýär" - diýip, Ginnesiň Rekordlar kitabynyň täze rekord eýesi sözüni jemledi.


şu gün 16:40
970

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.7k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......