2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy

  • 19.07.2024 15:14
  • 17k+

2024-nji ýylyň 15-nji iýul — 26-njy awgust aralygynda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi geçirilýär. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy.

Hususan-da, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça uçuş apparatlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy, howa gämileriniň awiasiýa we radioelektron enjamlarynyň tehniki ulanylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça halkara arbitraž we işewürlik hukugy; Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa magistr maksatnamasy boýunça medeniýeti öwreniş ugurlary (hünärleri) açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......