Audi resmi taýdan A5 awtoulaglarynyň täze neslini hödürledi

  • 19.07.2024 12:39
  • 3.3k+

Audi kompaniýasy resmi taýdan täze A5 awtoulaglarynyň maşgalasyny hödürledi. Ol S5 we A5 liftbegini, şeýle hem S5 Avant we A5 uniwersalyny öz içine alýar. Täze modeller PPC platformasynda guruldy diýip, Auto.ru ýazýar. 

Hereketlendirijileriň gammasy 150 we 204 at güýjüni öndürýän 2 silindrlik benzinli hereketlendirijisini öz içine alýan benzin we dizel hereketlendirijilerinden ybaratdyr. Şeýle hem, S wersiýalary üçin 367 at güýjüni öndürýän 3.0 litrlik V6 we 204 at güýjüni öndürýän 2.0 silindrlik turbodizel üpjün edilendir.
A5 awtoulaglarynyň täze nesli 11,9 dýuýmlyk paneli, 14,5 dýuýmlyk merkezi taçskrini (sensorly ekrany) we 10,9 dýuýmlyk ýolagçy displeýini öz içine alýan 3 sany ekran bilen enjamlaşdyrylandyr.


A5-iň satuwy Ýewropada noýabr aýynda başlar, iýul aýynda bolsa 45,2 müň ýewro bahasy bilen sargyt etmäge elýeterli bolar.
Kompaniýada aýdylyşyna görä, iki gapyly kuzowlar indi elýeterli bolmaz. Kupe we kabriolet eýýäm ABŞ-da satylmaýar. Indiki ýylda bolsa, gibrid gurnamasy bolan RS-iň zarýadly wersiýasynyň peýda bolmagyna garaşylýar.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......