Lamin Ýamal “Barselonada” Messiniň belgisini aldy

  • 18.07.2024 21:56
  • 16k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselonanyň” hüjümçisi 17 ýaşly Lamin Ýamal klubda oýun belgisini üýtgetdi. Katalon klubunyň metbugat gullugy resmi saýtda onuň 27-lik belginiň deregine 19-lyk belgide çykyş etjekdigini habar berdi.

Öň, “Barselonanyň” düzüminde bu belgide Lionel Messi çykyş edipdi. Ol 19-lyk belgili köýnekçäni toparyň esasy düzüminde çykyş edip başlanda geýdi.
Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionaty – 2024-üň ýeňijisi boldy. Topar final duşuşygynda Angliýany 2:1 hasabynda utdy. Ispaniýanyň düzüminde 47-nji minutda Niko Uilýams we 86-njy minutda Mikel Oýarsabal tapawutlandy, iňlislerden 73-nji minutda Koul Palmer gol geçirdi.
Ýamal çempionatyň iň gowy ýaş oýunçysy boldy.

Lamin Ýamal Ýewro finalyndan bir gün öň – 13-nji iýulda 17 ýaşyny doldurdy.
Transfermarkt internet portaly Ýamalyň bazar bahasyny 90 mln ýewro bilen bahalandyrýar.
Öň, TmCars Messiniň Ýamaly 6 aýlykka suwa düşürendigi barada habar beripdi.


düýn 23:41
2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......