Ýewro-2024-üň indiwidual sylaglary: ilkinji gezek “Altyn butsy” baýragyny birbada 6 oýunçy aldy

  • 15.07.2024 15:46
  • 18k+

Ýewropa çempionatynyň finalynda Ispaniýanyň ýygyndy topary 2:1 hasabynda Angliýanyň toparyny ýeňdi. Ýaryşyň netijelerine görä, aýratyn baýraga mynasyp bolan ýeňijiler yglan edildi:

Ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy hökmünde “Altyn butsy” baýragyny alanlar: Žorž Mikautadze (Gruziýa), Jamal Musiala (Germaniýa), Iwan Şrans (Slowakiýa), Kodi Gakpo (Niderlandlar), Dani Olmo (Ispaniýa) we Garri Keýn (Angliýa). Olaryň hersi üç pökgüden geçirdiler. Ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek alty oýunçy birbada baýrak aldy. Bu UEFA-nyň düzgünleriniň üýtgemegi bilen bagly: indi “Altyn butsy” baýragy Ýewroda birmeňzeş mukdarda pökgi geçiren oýunçylara birbada gowşurylyp bilner. Bu ýagdaýda goşmaça görkezijiler indi hasaba alynmaýar.

Ispaniýanyň “Mançester Siti” toparynyň ýarym goragçysy Rodri Ýewro-2024-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýaryşdaky ýedi oýnunyň hemmesinde başlangyç düzümde çykyp, Gruziýa bilen 1/8 finalda toparynyň bir pökgüsini tora girizdi (4:1).

Iň oňat ýaş oýunçy baýragy “Barselona”-nyň we Ispaniýanyň ýygyndysynyň 17 ýaşly hüjümçisi Lamin Ýamala berildi. Ol ýaryşyň iň ýaş oýunçysy we Ýewro-nyň taryhynda pökgi geçiren iň ýaş oýunçy boldy. Umuman alanyňda, Ýamal bir pökgi geçirip, dört gezek netijeli pas berdi (şol sanda finalda-da). Netijeli pas bermek boýunça Ýamal Ýewropa çempionatlarynyň rekordyny gaýtalady.

“Atletik Bilbaonyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň 22 ýaşly ýarymgoragçysy Niko Wilýams final oýnunyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol Ýewro-nyň finalynda gol salan ikinji ýaş oýunçy boldy. Ondan ýaş diňe 1968-nji ýylda şol wagt 20 ýaşly italýan Pýetro Anastazi bolupdy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň dördünji gezek Ýewropanyň çempionlygyny alandygyny ýatladýarys.


şu gün 15:58
4.5k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
3.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
14k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......