Erkek adam tutuş Irlandiýany bir tigirli welosipedde 5 günde geçip, rekord goýdy

  • 18.07.2024 11:08
  • 13k+

Imon Kiweni Irlandiýany bir tigirli welosipedde 5 gün 5 sagat 23 minutda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. 613 km uzynlykdaky syýahat adanyň iň günorta nokady Mizen-Hedde başlap, iň demirgazyk nokady Malin-Hedde tamamlandy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Kiweni günde 12 sagady ýolda geçirip, çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bir tigirli welosipediň birahat oturgyjy çep aýagyň topugynyň ep-esli çişmegine getirdi. Syýahatdan soň rekord eýesi iki hepde kadaly ýöräp bilmedi.
Muňa garamazdan, Kiweni ýolda özünden soň badalga alyp, öňe geçen iki tigirli welosipedçiler toparyndan pellehana bir sagat ir gelmegi başardy. Syýahatyň netijesinde Kiweni öýsüz-öwzarsyzlara kömek edýän Simon Communities of Ireland haýyr-sahawat guramasy üçin 5,939 ýewro ýygnady.
Bu Kiweniniň birinji rekordy däl. Ol 2016-njy ýylda aýakýalaňaç iň uzak syýahaty başdan geçirdi: rekord eýesi 2080 km geçdi.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....