Ilon Mask X sosial ulgamynyň täze rekordy barada habar berdi

  • 17.07.2024 14:06
  • 4.3k+

X sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask ulanyjylaryň işjeňligi boýunça täze rekord barada habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, platforma bir günde “dünýäde 417 milliard ulanyjy sekuntyny” gazandy.

“ABŞ-da ulanyjy sekuntlarynyň sany 93 milliarda ýetdi, bu öňki 76 milliard rekorddan 23% köpdür. Bir günde” diýip, ol ýazdy.

Ilon Mask “Twitteri” satyn alandan soň, sosial ulgamyň adyny X diýip üýtgedi, şondan soň onuň nähili meşhurlyk gazanýandygy barada yzygiderli habar berip başlady.
Şeýle-de, ol X-iň bazar paýyny artdyrsa, bäsdeşleriniň galmajakdygyna ynam bildirdi.
Analitikler X-iň ulanyjylarynyň sany barada takyk maglumatlaryň heniz elýeterli däldigini, sebäbi kompaniýanyň bu maglumaty çap etmeýändigini belleýärler. Mundan başga-da, Maskyň “ulanyjy sekuntlaryny” nähili ölçeýändigi we bu görkezijä nähili şertleriň täsir edýändigi belli däl.


düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......